img

TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY

2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu dabarada Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy baradaky alada esasy orunlaryň birini eýeleýändigi barada çykyş edenler bellediler.

Şeýle-de şular barada gürrüň edilende alym Arkadagymyzyň halkymyzyň saglygy hakyndaky aladasynyň aýdyň nyşany hökmünde giň okyjylar köpçülige ýetirýän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserini agzamak hem maksadalaýykdyny bellediler.

Ýaňy ýakynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 16-njy jildi halk köpçüligine ýetirildi. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy.

Köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi we uly meşhurlykdan peýdalanýandyr. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.

Bu babatda saglygy goraýyş ulgamyndaky ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyzyň milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýilleriniň jemleýän nusgasyny döredendigini nygtamak diýseň buýsandyryjydyr.

Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar Ösüş arkaly parahatçylyga beslenen Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistany sportuň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekanyna öwren Gahryman Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri has-da rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar