img

“ENE GÖRELDESI - EDEP ÝÖRELGESI”

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirmek, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp gelin-gyzlarynyň gatnaşmagynda “Ene göreldesi - edep ýörelgesi” ady bilen wagyz- nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-ündew çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen jemgyýetinde milli ruhda terbiýelenen ýaşlary kemala getirmek, olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil, ruhubelent, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan işler, ýaş nesliň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki borçlary, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmetsöýerlik, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, halallyk barada nygtap geçdiler.

img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen wagyz-ündew çäräniň ahyrynda çärä gatnaşyjylar myhmanlara eden täsirli çykyşlary üçin hoşallyklaryny bildirdiler. Ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde berkarar Watanymyzda alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän özgertmeler üçin Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar