2024-nji ýylyň awgust aýynyň 31-ne Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynyň gurnamagynda Halkara derejesinde geçirilen olimpiadalarda ýeňiji bolan ýaşlaryň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi.
Bu çärede 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 5-11-i aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitet kollejiniň we Bolgariýa Respublikasynyň Amerikan uniwersitetiniň gurnamagynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde “Matematika” dersi boýunça geçirilen Halkara olimpiadasyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş eden, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Ykdysadyýet we dolandyryş” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Annabaýew Kadyrberdi Selimberdiýewiç I orna – diplom we Altyn medala, şeýle-de “Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Goçmyradow Muhammetmyrat Döwletmyradowiç III orna – diplom we Bürünç medala mynasyp bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.