Ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyklar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, şäherlerde we obalarda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän zerur düzümleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly, döredijilikli syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr. Gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine giň gerimli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ähmiýetli orun berilýär. Maksatnamalaýyn alnyp barylýan işleriniň biri hem üstünlikli amala aşyrylýan Türkmen döwlet binagarlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işlerini aýtmak bolar. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 3-ne Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymlary we kafedrada taýýarlanylýan hünärleriň talyplary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Kärhananyň hünärmenleri tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda, binalaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler peýdalanylýandygy, olar saýlanyp alnanda, hökmany suratda ýurdumyzyň howa şertleri, serişdeleriň ekologik taýdan arassalygy, berkligi hem-de ulanyşda amatlylygy göz öňünde tutulýandygy, bularyň hemmesi milli gurluşyk senagatyny toplumlaýyn ösdürmegiň, ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini giňeltmegiň zerurlygyny şertlendirýändigini jikme-jik düşündirdi. Göçme okuw sapagyny dowam etdirmek bilen talyplar gurluşykda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň görnüşleri, olaryň laýyk gelýän standartlary, gurluşykda ualanylýan berkidiji materiallaryň taýýarlanylşy, himiýa tejribehanalarynyň gurluşygyndaky aýratynlyklary barada düşündiriş işleri geçirildi.