img

ÝAGŞY NIÝET – ÝARYM DÖWLET

Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen taglymaty baýdak edinip, peder ýoluny mynasyp hem üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda we taýsyz tagallalarynyň netijesinde Bitarap ýurdumyz ähli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna sanly serişdeler we has kämil innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Türkmenistan dünýäniň ösen senagat ýurtlarynyň hataryna goşulýar. Şeýle kämil innowasion tehnologiýalardan baş çykarmak, olara erk etmek üçin, ösüp gelýän ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, has ezber bolmaklary zerurdyr. Munuň üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, men mekdep ýyllarymdan bäri informatika dersi bilen has içgin gyzyklanyp geldim. Ýurdumyzda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen köp sanly bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şol bäsleşiklere menem işjeň gatnaşyp baýrakly orunlara eýe boldum. Hususan-da men:

- 2022-nji ýylda Täjigistan Respublikasynda geçirilen ISIJ Halkara Informatika olmpiadasynda III orna;

- 2022-nji ýylda SOF Halkara Internet olimpiadasynda iňlis dili dersi boýunça I orna;

- 2023-nji ýylda ýurt derejesinde Robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda takyk ugry boýunça I orna;

- 2023-nji ýylda SOF Halkara Internet olimpiadasynda iňlis dili dersi boýunça I orna;

- 2023-nji ýylda UNIPO Halkara Internet taslama olimpiadasynda fizika dersi boýunça II orna;

- 2023-nji ýylda FISO Halkara Internet olimpiadasynda iňlis dili dersi boýunça I orna;

- 2024-nji ýylda UNIPO Halkara Internet taslama olimpiadasynda informatika dersi boýunça II orna;

- 2024-nji ýylda FISO Halkara Internet olimpiadasynda iňlis dili dersi boýunça I orna;

- 2024-nji ýylda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň Döwlet tapgyrynda informatika dersi boýunça III oruna mynasyp boldum.

Yhlasly okamagym, zehin başarnyklarymy açmagym durmuşymda ilkinji şowly ädimlerimi ätmäge esas boldy we meni ýurdumyzyň iň baýry hem iri ýokary tehniki okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna alyp geldi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, bu ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Munuň özi meniň durmuşymda ýatdan çykmajak iň bagtly pursatlaryň biridir.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy we yhlasy bilen ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk ulgamy ösen döwrüň talaplary bilen aýakdaş gidýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Tehnikanyň we tehnologiýanyň uly depginde ösmegi taslamalary ýerine ýetirmek, binalary gurmak üçin has kämil usullaryň peýda bolmagyna getirdi. Adamlaryň gündelik durmuşdaky islegleriniň köp bölegi sanly ulgamyň üsti bilen amala aşyrylýar. Muňa subutnama hökmünde döwrüň ösen talaplaryny, ýokary ýaşaýyş şertlerini özünde jemleýän “akylly” şäher Konsepsiýasynyň esasynda gurluşygy amala aşyrylan Arkadag şäherini mysal getirmek bolar. Gurulýan ajaýyp binalar, desgalar, giň ýollar, olaryň ugrundaky köprüler bolsa maňa bu ugruň diýseň gyzyklydygyny, geljeginiň has uludygyny görkezdi we bu ugry saýlap almaga höwes döretdi.

Men öz saýlap alan hünärimi ezberlik bilen ele almagy, öz hünärimiň ussady bolmagy maksat edinýärin. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän uly ynamyna jogap edip yhlas bilen okarys, öwreneris dörederis.

Pursatdan peýdalanyp biz ýaşlara uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aly DIDAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Habarlaşmak üçin maglumatlar