img

ÝOL GURLUŞYGY FAKULTETINIŇ ÖNÜMÇILIK OKUW TEJRIBELIGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Türkmenistan Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda, şähermiziň häzirki zaman durnukly ösmegi we onda ähli şertleri döretmekde ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle ajaýyp üstünlikli amala aşyrylan birnäçe desgalarynyň açylyp halkymyza ulanylmaga berilmegi ýaşaýyş durmuş şertlerini has-da gowylandyrmagyna getirýär. Her bir açylyp ulanylmaga berilýän binalar binagärlik aýratynlyklary bilenem göreni haýrana goýýar. Ynha şu günki günde hem Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutymyzyň täze binasynyň gurluşygy dowam edýär. Biz hem şu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurkuşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygyna institutymyzyň mugallymlary hemde talyp ýaşlary bolup nazary ýetde alan. Bilimlerimizi önümçilik tejribelikde özleşdirmek üçin tanyşlyga geldik. Önümçilige tanyşlyga gelmek bilen, biz binalaryň taslamadaky institutymyzyň daşky keşbini hem-de içiniň gurluşynyň yzygiderligini fakultetiň mugallymlary talyp ýaşlara doly dogry düşündirip binalar toplumy bilen tanyşlyk geçdiler. Gurluşyk başlamazdan ozal gurluşygyň meýdany iri masştably kartalaşdyrmak geçirilýär. Şol kartalaşmanyň ýüzüne biziň arhitektorymyz oz taslamasyny oturdyp berýär. Şol taslamanyň esasynda baş plan düzülýär şol baş plandaky ölçegler boýunça gurluşyga şol ölçegleri esas edip taslamadaky ähli nokatlary plan we beýiklik boýunça geçirmäge mümkinçiligimiz bar. Fakultetiň talyplary täze binalar toplumyny görüp uly gyzyklanma bildirdiler hem-de gelejekde ýörite okuw derslerini has öwrenmekde gören peýdaly maglumatlaryny ulanyp bilerler. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzda diňe bir gurluşyk ulgamynda dälde eýsem sportda saglykda ykdysadyýetde hem ýetilen ajaýyp üstünlikleriň bolmagynda biziň şu ýylymyzyň şanly wakalarynyň bolamagyna getirdi. Goý Hormatly Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

Habarlaşmak üçin maglumatlar