
BITARAPLYK – AK BAGTYMYZ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň noýabr aýynyň 26-syna Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk-ak bagtymyz” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Bitaraplygy-häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribe esasa daýanyp çözmeklige çalyşmakdyr. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi.