HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINIŇ MUGALLYMLARYNYŇ OKUW SAPAGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp ylymly-bilimli, giň gözýetimli, okatmagyň häzirki zaman innowasion usullaryndan oňat baş çykarýan, kämil hünärmenleri taýýarlamak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, ýaş mugallymlaryň hünär taýýarlygyny artdyrmak we olaryň ylmy-döredijilik işine höwesli çemeleşmeklerini gazanmak, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmek we öwretmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň ýaş mugallymlarynyň arasynda “Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili” dersi boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary okuw sapagyny geçirdiler. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary okuw sapagyna işjeň gatnaşdylar.