KITAP OKAMAK – HAKYKATY, DOGRUÇYLLYGY, GÖZELLIGI, YNSANLYGY GÖZLEMEKDIR
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda Gahryman Arkadagmyzyň nusgalyk kitaplaryna, mähriban Watanymyzyň şanly taryhyna, onda müdimilik yz galdyran taryhy şahsyýetlere, jöwher zehinli alymlara we nusgawy şahyrlara, milli mirasymyzy gorap saklamaga derwaýys meseleleriň biri hökmünde garalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda “Ýurdumyzda her ýylda kitap okamagyň biraýlygyny yglan etsek, has göwnemakul bolardy” diýen çuňňur manyly sözlerinden ylham alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Ýaş alymlar geňeşiniň” gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň we magistrleriň arasynda talyplarynyň we magistrleriniň arasynda çeper eserleri okamak boýunça “Kitap marafony” geçirildi. “Kitap marafonyna” gatnaşyjylara gurnaýjylar tarapyndan saýlap alynan kitap, ýagny türkmeniň tanymal ýazyjysy Gylyç Kulyýewiň “Emiriň ilçisi” atly kitabyny okamak hem-de günde okalan bölüm boýunça pikir alyşmak we test soraglaryna jogap bermek arkaly bäsleşdiler. “Kitap marafonyna” Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan 22 sany talyp işjeň gatnaşyp, olardan 8 sany talyp Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.