img

GURMAK WE DÖRETMEK — DÖWRÜŇ ŞANLY ŞYGARY

Häzirki wagtda gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, onuň yzygiderli ösdürilmegine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär. Pudagyň düzümleriniň işi döwrebaplaşdyrylýar, oňa ösen tejribeler, ylmyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Munuň şeýledigini sanlyja gün ozal, 3-nji noýabrda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni hem ýene bir gezek aýdyň subut etdi. Hünär baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy — 2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat bolsa bu pudagyň giň mümkinçiliklerini tanyşdyrmagyň, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm meýdançasyna öwrüldi.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmakda ylmyň gazananlaryny, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, dürli ulgamlarda zähmet çekýän adamlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Gazanylýan ägirt uly üstünlikler netijesinde ýurdumyz gülläp ösýär. Bu üstünliklerde her bir ulgamyň, her bir pudagyň mynasyp paýy bar. Şunda gurluşyk-binagärlik babatdaky gazanylýan netijeler hem uludyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çykyşynda bu pudagyň işine ünsi çekmek bilen: “Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris” diýip belledi.

Garaşsyz Diýarymyzda amala aşyrylýan gurluşyk işleri giň gerimliligi bilen haýran galdyrýar we olar ýurdumyzyň paýtagtyndan başlap, ähli sebitlerini gurşap alandyr. Paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik keşbi her ýyl täze binalar bilen gözelleşýär. Şol binalar ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Şunuň bilen birlikde şäheriň ulag-kommunikasiýa, inženerçilik-tehniki we ugurdaş düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak, olary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap ýollar, pyýadalar üçin ýodalar, ýerasty, ýerüsti geçelgeler, duralgalar, ýol aýrytlary, köprüler ulanmaga berlip, olaryň ýene täzeleriniň gurluşyklary dowam edýär.

Paýtagtymyzyň barha özgerýän häzirki keşbinde Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, köpugurly kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary öz beýanyny tapýar. Ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini barha berkidýär. Ýokary okuw mekdebimizde zähmet çekýän professor-mugallymlaryň, bilim alýan talyplaryň ylmy gözlegleriniňdir binagärlik taslamalarynyň hem giň gerimli gurluşyk işlerinde öz mynasyp ornuny tapýandygy bizi örän buýsandyrýar.

Ak şäherimiz Aşgabat bilen bir hatarda, ýurdumyzyň sebitleriniň toplumlaýyn, ählitaraplaýyn ösdürilmegine uly üns berilýär. Döwletimiz oba ýerlerinde şäherdäkiden asla kem bolmadyk, döwrebap durmuş şertlerini döretmäge yzygiderli üns berýär. Bu gün ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, «akylly» şäher Arkadagda, beýleki şäherlerimizde, ýurdumyzyň oba-kentleriniň her birinde, iň çetki künjeklerinde-de durmuş maksatly binagärlik toplumlary, durmuş düzüminiň beýleki dürli desgalary, edara binalary, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalar gurulýar, önümçilikler döredilýär. Adam baradaky alada, her bir türkmenistanlynyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi döwlet syýasatynda ilkinji nobatda öňe sürülýän wezipedir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda bilimli, hünärli kämil nesilleri ýetişdirmek meselesine juda uly üns berilýär. Bu ugurda amala aşyrylan we amala aşyrylýan işler örän köp. Şol işleriň çäklerinde çagalar baglarynyň, dürli derejeli mekdepleriň, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigi guwandyrýar. Häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygy hem ýokary depginde dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina edilýän bu desganyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasyna tabşyryldy. Resminama laýyklykda, institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Munuň özi degişli ugurda hünärmenleriň taýýarlygyna möhüm ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim ojagymyzyň işi hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, hünär ugurlary giňeldilýär.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde 2024-2025-nji okuw ýylynda hem institutymyzda hünärmen maksatnamasynyň esasynda seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk hem-de metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak (senagat pudagynda) ýaly häzirki zaman gurluşyk işlerinde wajyp hünärleriň açylmagy-da munuň aýdyň güwäsidir. Ýeri gelende bellesek, 2023-2024-nji okuw ýylynda hem binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek; ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy; himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy; maglumat howpsuzlygy ýaly döwrebap hünärler açylyp, bu babatda okuwlar döwrebap ýola goýuldy. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, institutymyzda raýat goranyşy fakultetiniň, gurluşyk işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynyň howpsuzlygy kafedralarynyň döredilendigi hem ýokary okuw mekdebiniň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň güwäsidir.

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işlerine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar hem işjeň çekilýär. Gurluşyk pudagynyň telekeçilik işiniň okgunly ösýän, geljegi has-da uly ugurlarynyň birine öwrülendigi şundan hem mälimdir. Toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak bilen, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Milli Liderimiz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli binagärlik däplerini dünýä tejribesiniň iň gowy gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyryp öňe gitmegiň ýoluny görkezýär. Hut şunuň netijesinde, milli gurluşyk pudagy barha uly netijeleri gazanýar, ýurdumyzyň özboluşly binagärlik keşbini döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň baý we gaýtalanmajak mirasy bar, ata-babalarymyz dünýä medeniýetine gaýtalanmajak taryhy-medeni ýadygärlikleri miras goýupdyrlar. Türkmen topragynda gülläp ösen gadymy hem meşhur şäherler — Merw, Köneürgenç, Nusaý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň binagärligiň gadymdan gelýän milli däplerini we şähergurluşyk ýörelgeleriniň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýändigi olaryň esasy aýratynlyklaryndandyr. Munuň özi döwletimiziň gurluşyk pudagynyň ata-babalarymyzyň köp asyrlyk däplerini, dünýäniň iň gowy işläp taýýarlamalaryny üstünlikli utgaşdyrmak arkaly döwür bilen aýakdaş ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Batyr MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory,
tehniki ylymlaryň kandidaty
“Türkmenistan” 07.11.2024ý. №286

Habarlaşmak üçin maglumatlar