img

TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ EÝELERI

2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-syna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-Paýhas Ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasy geçirildi. Her ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak boýunça bäsleşigi yglan edýär. Bu bäsleşikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Muhamedkuliýew Nurgeldi Derýageldiýewiç, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Annabaýew Kadyrberdi Selimberdiýewiç we Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň “Ç” toparynyň 4-nji ýyl talyby Saryjaýew Yslam Altyýewiç “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri” diýen arzyly baýraga eýe boldular. Bagtyýar ýaşlarymyzyň bu ýeňişi mugallymlarymyzy we talyp ýaşlarymyzy diýseň buýsandyrdy hem-de guwandyrdy.

img

Habarlaşmak üçin maglumatlar