
YLALAŞYGYNYŇ ÇÄKLERINDE RUSSIÝANYŇ D. I. MENDELEÝEW ADYNDAKY HIMIÝA-TEHNOLOGIÝA UNIWERSITETI BILEN TELEKÖPRI ARKALY GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Russiýanyň D.I. Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygynyň çäklerinde Russiýanyň D. I. Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň “Informatika we kompýuter taslamalary” kafedrasynyň dosenti F.S. Sowetiniň çykyş etmeginde “Himiýa tehnologiýasynyň proseslerini modelleşdirme” dersinden 2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda “Проектные расчеты т/о с использованием симулятора ХЕМКАД” atly tema boýunça teleköpri arkaly okuw sapagy geçirildi. Oňa Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary we fakultetiň mugallymlary gatnaşdylar.
