ÝYLLARYMYZ BESLENÝÄR ŞÖHRAT-ŞANA!
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigi hem-de geljek ýylda ýurtda we dünýä döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bilen baglylykda, deputatlaryň halk bilen maslahatlaşyp, geljek ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça çäreleri geçirmegi tabşyrdy.
Şundan ugur alyp, 2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamaga bagyşlanan maslahat geçirildi.
Bu geçirilen maslahatlara bagyşlanyp Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikda tegelek stol geçirildi. Geçirilen maslahatda ýurdumyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gazanan üstünlikleri hem-de geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram ediljekdigi, bu şanly senäniň 2025-nji ýyly has-da dabaralandyrjakdygy barada aýdyldy.
2025-nji ýylyň şygary we nyşany ýurdumyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň, depginli ösüşleriniň, halkyň bagtyýar durmuşynyň özboluşly beýanyna öwrüler.