YLMY-AMALY MASLAHAT
Şu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda “Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ekologiki bilimini kämilleşdirmekde täze usuly çemeleşmeleri” atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler, talyplarda ekologik bilimini kämilleşdirmek barada, okatmakda modullaýyn we çözgütli soraglar usullarynyň orny, şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky tebigy ylymlar bilen baglanşykly täsirli maglumatlar barada pikirler aýdyldy.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi barada çuňňur öwrenmäge döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar.