TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY SARAGT BABAÝEWIŇ SUNGAT ESERLERI
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary birlikde Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewiň ussatlyk bilen ýerine ýetiren işlerini içgin öwrenmek maksady bilen ussat heýkeltaraşyň işleri bilen tanyşmak üçin ussahanasyna baryp döreden sungat eserleriniň aňlatýan many mazmuny bilen içginden tanyş boldylar.
Nobatdaky Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol bçeken degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi “Türkmenistanyň gahrymany” diýen belent at dakyldy we oňa “Altyn aý” altyn nyşany gowşuryldy. Ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bu belent sylaga Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň we merdana türkmen halkynyň öňünde köp ýyllaryň dowamynda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadigärligini döredendigi, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, ýaş heýkeltaraşlary terbiýelemekde bitiren giňgerimli işleri, şekillendiriş sungatynda özboluşly heýkeltaraşlyk mekdebini kemala getirendigi, ýurduň heýkeltaraşlyk sungatyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmeti bilen mynasyp boldy.