BINAGÄRLIK-GURLUŞYK FAKULTETINIŇ “SUW, GAZ WE ÝYLYLYK ÜPJÜNÇILIGI KAFEDRASYNYŇ TALYPLARY TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNYŇ TÄZE BINALAR TOPLUMYNDA ÖNÜMÇILIK-TEJRIBELIK OKUW SAPAGYNY GEÇDILER
2024-nji ýylyň 28-njy oktýabrynda “Suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak” hünäriniň 5-nji ýyl talyplary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze gurulýan binasynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy bilen tanyşmak maksady bilen täze binalar toplumynyň gurluşygy gidýän ýerinde kafedranyň uly mugallymy Gurbansoltan Myradowanyň ýolbaşçylygynda önümçilik sapagyny geçdiler.
Talyplar gurluşyk meýdançasynda baş binanyň we okuw binalaryň gurluşyk işleriniň tehnologiýalary, gurulýan desgalar toplumynyň suw üpjünçiligi we ulanylan suwlary akdyryş ulgamlarynyň daşky hem-de içki setleriň geçirilişi, olaryň taslama çyzgylary, geçirilmeli ýerleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Içki suw geçiriji we ulanylan suwlary akdyryş ulgamlaryndaky gurluşyk gurnama işlerine degişli birnäçe maglumatlary aldylar. Mysal üçin talyplar “Jaýlaryň inžener enjamlary” dersinden “Dürli maksatly jaýlaryň içki suw üpjünçiligi we ulanylan suwlary akdyryş ulgamlary” diýen tema boýunça nazarýetde alan bilimlerini, şu okuw jaýynda alnyp-barylýan gurluşyk önümçilik işleri bilen berk baglanyşdyryp, içki suw üpjünçiligi we ulanylan suwlary akdyryş ulgamlaryň gurluşyk gurnama işleriniň Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda alnyp barlyşyna göz ýetirdiler.