ENE GÖRELDESI- EDEP ÝÖRELGESI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamaklarynda Hormatly Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasyny hem-de maddy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillerimize ýetirmek, ýaşlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp- dessurlary, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy, maşgala ojagyna wepalylygy, asyllylyk, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň halypa mugallymlarynyň we talyp gyzlaryň gatnaşmagynda “Ene göreldesi- edep ýörelgesi” ady bilen üme dessury geçirildi. Bu geçirilen çärä dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşuly eneler, institutymyzyň mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşdylar..Dabarada çykyş edenler öz çykyşlarynda üme däp-dessurynyň ähmiýeti, milli nagyşlaryň taryhy barada milli gymmatlyklarymyzyň häzirki döwürde ýerine ýetiriliş aýratynlyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Dabaranyň dowamynda institutyň “Oguzlar” aýdym saz toparynyň ýerine ýetirmeginde gelin-gyzlary wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini beýan etdiler.