img

“ÝAŇLAN, DIÝARYM!” TELEBÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJISI BILEN SÖHBETDEŞLIK

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini hem berkarar döwletimizde baýramçylyk ruhuna ruh goşup, şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi.

img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýnur Täçmyradowna Gurbanmyradowa “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeniji bolup Hormatly Prezidentimiziň şa-serpaýyny almak miýesser etdi. Bu şanly waka barada “Zenan kalby” žurnalynyň 10-2024 sanynda Aýnur Gurbanmyrowa bilen geçirilen söhbetdişlikde öz ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Talyp ýaşlara öz zehin başarnyklaryny görkezmäne döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.

Habarlaşmak üçin maglumatlar