img

DÖWÜRLERIŇ WE SIWILIZASIÝALARYŇ ÖZARA ARABAGLANYŞYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY» ATLY HALKARA FORUMYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlaryny öňe sürdi.

Türkmenistanly hem-de daşary ýurtly meşhur ýazyjy-şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar, suratkeşler, sungat işgärleri beýik şahyra bagyşlap köp işleri bitirdiler, kämil eserleri döretdiler. Bu eserler söz ussadynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde, dünýä giňden ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Maslahatda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň umumadamzat siwilizasiýasynyň genji-hazynasynda baky orun alandygy barada nygtaldy we şahyryň türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine goşan goşandy bellenildi. Mundan başga-da maslahata gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň agzybirlige we jebislige, parahatçylyga we ylalaşyga çagyryşynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

img

Halkara forumda diňe bir ugurdan däl, eýsem birnäçe ugurlardan netijeli hyzmatdaşlyklaryň başyny başlajak, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Şeýle hem çykyş edenler türkmen halkynyň köp asyrlyk pähim-paýhasyny we şahyrana diliniň gözelligini öz eserlerinde açyp görkezen, döredijiliginde her bir ynsana ýakyn ruhy gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyragynyň çuňňur zehine eýe bolandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, şahyryň goşgularyndaky röwşen geljek, Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik baradaky çuňňur oýlanmalar, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň hem ruhy dünýäsine laýyk gelýär. Hut şu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň many-mazmunyny emele getirýär we Türkmenistanyň diplomatiýasynyň paýhasynyň, dowamlylygynyň we wajyplygynyň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny has-da beýge galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar