MASLAHATLY BIÇILEN DON GYSGA BOLMAZ
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitlediler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 30-na “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” atly maslahat geçirildi.