
DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNYŇ ÝEŇIJISI
Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesek watandaşlarymyzyň aýratyn-da, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýan ýaşlaryň sany artýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine ýardam edýär. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Azimowa Oguldursun Muratjanowna 24-29-njy oktýabrda Gresiýa döwletinde geçirilen Dünýä Çempionatynda sportuň JIU-JITSU görnüşi boýunça geçirilen olimpiadada 2-nji orna mynasyp boldy.