HIMIÝA TEHNOLOGIÝASY FAKULTETINIŇ INSTITUTYMYZYŇ TÄZE BINALAR TOPLUMYNA GURNAN GÖÇME OKUWY SAPAGY
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 1-na Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň mugallymlarynyň we “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynda taýýarlanylýan “Himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalaryň maşynlary we apparatlary” hünäriniň 2-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagy geçirildi.
“Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhananyň hünärmeni institutymyzyň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde gelen talyplaryň ählisini berjaý edilmeli tehniki howpsuzlygyň düzgünleri bilen tanyşdyrdy.
Kärhananyň hünärmenleri tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda, binalaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler peýdalanylýandygy, olar saýlanyp alnanda, hökmany suratda ýurdumyzyň howa şertleri, serişdeleriň ekologik taýdan arassalygy, berkligi hem-de ulanyşda amatlylygy göz öňünde tutulýandygy, bularyň hemmesi milli gurluşyk senagatyny toplumlaýyn ösdürmegiň, ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini giňeltmegiň zerurlygyny şertlendirýändigini jikme-jik düşündirdi. Göçme okuw sapagyny dowam etdirmek bilen talyplar gurluşykda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň görnüşleri, olaryň laýyk gelýän standartlary, gurluşykda ulanylýan berkidiji materiallaryň taýýarlanylşy, himiýa tejribehanalarynyň gurluşygyndaky aýratynlyklary barada düşündiriş işleri geçirildi.