Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň professory, s.y.d Muhammetberdiýew Öwezdurdy “Türkmenistanyň Bitaraplyk daşary syýasaty dünýä döwletleri üçin nusgalyk ýol-ýörelgedir” atly temada 07.04.2025 senede geçirilen onlaýyn açyk sapagyna professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ussat diplomatyň Bitaraplyk ýörelgesiniň taryhy köklerini açyp görkezen maglumatlary örän täsirli boldy.