Ylmy barlag işleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäniň abraýly uniwersitetleri we ylmy-barlag merkezleri, ylym-bilim ugurlary boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly isleg bildirýärler.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) Hindistanyň, Belarusyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Gyrgyzystanyň, ABŞ-nyň, Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we Ýewropa Bileleşiginiň ERASMUS + guramasy bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyklara we Özara düşünişmek boýunça Ähtnamalara laýyklykda bilelikde degişli işler amala aşyrylýar.
TDBGI Türkmenistanyň binagärlik-gurluşyk, ýaşaýyş-jemagat, himiýa, energetika, senagat we ýol ulag pudaklaryny ylmy taýdan üpjün edýän we bäsleşige ukyply häzirki zaman ylmy-innowasion merkezidir.
TDBGI-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda 14488 belgili karary bilen tassyklanan "Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna" we ylmy bilen baglanyşykly beýleki hukuk namalaryna laýyklykda Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly, häzirki döwürde zerur hasaplanýan ugurlar boýunça ylmy barlag işleri alnyp barylýar.
Soňky ýyllarda institutyň ylmy-barlag işlerinde innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy möhüm ähmiýete eýe boldy.
Ylmy-barlag işlerini okuw prosesi bilen utgaşdyrylmagyny üpjün etmek, hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, institut ylmyň ileri tutulýan aşakdaky ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar:

  • “Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;
  • "Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika";
  • "Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary":

Institutyň ylmy ugurlary:

  • Türkmenistanyň ýaşaýyş, senagat, jemgyýetçilik we beýleki binalarynyň binagärlik-dizaýn taslamalaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak;
  • ýerli çig mallary esasynda senagat gurluşyk materiallaryny almagyň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek we Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň önümçiligine ornaşdyrmak;
  • alternatiw çeşmelerden energiýany almagyň we tygşytly peýdalanmagyň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek;
  • polietilen galyndylaryny we Garagum çägesini ulanmak arkaly ýan ýoda plitalarynyň we üçek örtükleriniň tejribe nusgalaryny döretmek;
  • ýokary woltly naprýaženiýeleri we elektrik toklary ölçemek we ýygylyk usulynda inžener desgalarynyň monitoringini geçirmek üçin elektron enjamlaryny işläp düzmek;
  • ýyladyş desgalarynda ýylylyk çalşyjy enjamlaryň ulanmak möhletini ýokarlandyrmagyň usulyny işläp düzmek;
  • tebigy resurslaryň ekologiýasy we daşky gurşawa antropogen täsiriniň barlagyny geçirmek;
  • gözenekli kremniniň A3B5 we A2B6 birleşmeleriniň optiki we fotoelektrik häsiýetleriniň barlagyny geçirmek;
  • ýerli çig mallaryň esasynda suwy arassalamak üçin koagulýantlary we stronsiniň birleşmelerini almagyň tehnologiýasy;
  • 3D, AutoCAD programmalaryny özleşdirmek we okuw prosesine ornaşdyrmak, sanly bilim ulgamy üçin milli programma üpjünçiligini işläp düzmek;
  • kompýuter programmalary bilen dolandyrylýan häzirki zaman stanoklarynda metallary gaýtadan işlemegi kämilleşdirmek;
  • tehniki ýokary okuw mekdepleri üçin daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullaryny işläp düzmek;

TDBGI-iň ylmy işleriniň netijeleri Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň önümçilik kärhanalaryna we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna teklip edilýär.


Ylmy çäreler


TDBGI her ýyl Türkmenistanyň baýramçylyk çäreleri mynasybetli ylmy-amaly maslahatlary we sergileri geçirýär, bu bolsa TDBGI-niň alymlaryna beýleki ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-pedagogiki işgärlerini we talyplaryny biziň döwrümiziň häzirki zaman meselelerini, şeýle hem ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine innowasiýalary girizmek meselelerini bilelikde ara alyp maslahatlaşmak üçin çagyrmaga mümkinçilik berýär.
Institutyň alymlary we talyplary halkara maslahatlara we sergilere işjeň gatnaşýarlar we her ýyl döwlet derejesinde geçirilýän aşakdaky halkara ylmy-amaly maslahatlara we sergilere öz döredijilik işlerini hödürleýärler.