Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň gurnan göçme okuw sapagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Milli bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli ýaşlary ýetişdirmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň gurluşyk meýdançasynda okuw maslahaty geçirildi. 


TDBGI


«Geodeziýa» kafedrasynyň mugallymlary Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplary üçin göçme okuw sapagyny gurap, olary gurluşykda alnyp barylýan geodezik işler bilen ýerinde tanyşdyrdylar. Bu iş ýerindäki tanyşlyk talyplaryň ylmy gözýetimini giňeltmäge we hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirildi.


TDBGI