Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) ýaş, häzirki zaman ylmy we taslama bilim edarasydyr.
Döredilen senesi - 2012-nji ýylyň 25-nji maýy.
TDBGI Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar.
TDBGI-niň düzümine Okuw-gurluşyk merkezi, häzirki zaman enjamlary we maşynlary bilen enjamlaşdyrylan Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezi,  muzeý, 3 sany umumy ýaşaýyş jaýy, naharhana we stadion girýär.
Häzirki wagtda institutda 8 fakultet we 28 kafedra hereket edýär we 4630 sany talyp 10 ugur we 34 hünär boýunça döwrüň talabyna laýyklykda bilim alýarlar. Bakalawr maksatnamasynyň 7 sany ugry boýunça 13 sany taýýarlygyň ugrundan bakalawrlar taýýarlanýar. Institut Türkmenistanyň döwlet we hususy eýeçilikdäki edaralary we kärhanalary üçin ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar we her ýylda 750-dan gowrak ýokary bilimli hünärmenleri goýberýär.
TDBGI dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen ylym we bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary saklaýar. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” salgylanyp, institut 10 ugur boýunça hünärmenleri taýýarlaýar:

  • “Binagärlik”;
  • "Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary";
  • “Informatika we hasaplaýyş tehnikasy”;
  • "Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary";
  • “Elektrik we ýylylyk energetikasy";
  • "Maşyngurluşyk";
  • “Himiýa tehnologiýalary”;
  • "Materiallaryň tehnologiýalary";
  • "Ykdysadyýet we dolandyryş";
  • "Tehniki ulgamlarda dolandyryş".

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň” meýilnamasyna laýyklykda institutda içki lokal tory döredildi. Onuň esasynda institutyň Bilim portaly döredilip, bellenilen formatlar boýunça elektron resminamalar, okuw kitaplary, gollanmalary we professor-mugallymlaryň umumy okuw, amaly we tejribe sapaklarynyň audio we wideo ýazgylary, Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçiligini açyp görkezýän wideorolikler ýerleşdirilen. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alyp, TDBGI-de elektron resminama dolanyşygy okuw prosesine ornaşdyryldy. Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynda işleýän hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin institutda Hünär derejesini ýokarlandyrmak fakulteti hereket edýär.
Institutyň maddy-enjamlaýyn binýady we ýokary hünär derejeli professor-mugallymlar düzümi, ýokary hilli we häzirki zaman bilim bermeklige mümkinçilikler döredýär. TDBGI-niň talyplary her ýylda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we kärhanalarynda okuw-tanyşlyk, taslama, tejribe-konstruktorçylyk, önümçilik we diplomyň öň ýanyndaky tejribeliklerini geçýärler. Ylmy-barlag, taslama, tejribe-konstruktorçylyk işlerini bilelikde alyp barmak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, Türkmenistanyň Ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we kärhanalarynda TDBGI-niň binýatlyk kafedralary hereket edýär.