Hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň PP-6080-nji “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny döretmek hakynda” Permanyny hem-de 12328-nji “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň meseleleri hakynda” Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2012-nji ýylyň 29-njy maýyndaky 156 buýrugynyň 1-nji goşundysyna laýyklykda Hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti açyldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetiniň işi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde ýokary okuw mekdeplerinde gurluşykçy hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça beren görkezmesini ýerine ýetirmek maksady bilen, institutyň rektorynyň 2018-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky 9/1 belgili buýrugy bilen ýola goýuldy. Okuw meýilnamalaryna laýyklykda Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde 11 hünär boýunça 72 sagatlyk we 144 sagatlyk gysga möhletli okuwlar okadylýar.
Bu fakultetde ýurdumyzyň gurluşykçy hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär bilimlerini we endiklerini çuňlaşdyrmak, ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlaryny öwretmek boýunça işler alnyp barylýar.


Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlanylýan hünärleriň sanawy:

  1. Senagat we raýat jaý gurluşygy.
  2. Suw üpjünçiligi we hapalanan suwlary akdyrmak.
  3. Ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy.
  4. Köprüler we ulag nagymlary.
  5. Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek.
  6. Awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy.
  7. Amaly geodeziýa.
  8. Şäher gurluşygy we ilatly ýerleri meýilleşdirmek.
  9. Dizaýn.
  10. Binagärlik.
  11. Şäher gurluşygy we hojalygy.

Hünär kämilleşdiriş okuwlarynda okanlara, bellenilen nusga boýunça 72 sagatlyk gysga möhletli okuwlary tamamlanlara “Tassyknama”, şeýle hem 144 sagatlyk gysga möhletli okuwlary tamamlanlara “Şahadatnama” gowşurylýar.
Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde taýýarlanylýan hünärleriň ählisi üçin ähli şertler döredilen. Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetiniň işi tölegli esasda alnyp barylýar.