Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebine guran göçme okuw sapagy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlary Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde “Kartografiýa ylmynyň halk hojalygyndaky orny” atly okuw maslahaty geçirildi. 


TDBGI


Okuw maslahatyň dowamynda fakultetiniň “Geodeziýa” kafedrasynyň mugallymlary A.Erkaýewa we M.Kakabaýewa geografiki we topografiki kartalary, olaryň görnüşleri, kartalaryň düzüm bölekleri, kartalar düzülende olaryň düzüliş tertibi barada düşünje, kartografik işlerini ýerine ýetirmekligi, kartografiýa barlaglarynda ulanylýan kartalary redaktirlemegi usullaryny, mundan başgada elektron, sanly, kompýuter kartalaryny düzmegiň täze tehnologiýalary barada talyplaryň dykgatyna ýetirdiler.

Geçirilýän wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri häzirki wagtda Garaşsyz Bitarap Türkmenistandan döwletimizde talyp ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklygy gazanylýar. Şonuň netijesinde talyp ýaşlarymyzyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän derejede taslamalaryny ýerine ýetirmeklerini gazanmaklygy ýola goýmaklyk üçin şular ýaly okuw maslahaty bilen öňki bar bolan maglumatlaryň üsti doldurylyp durulýar.