Inžener-mehanika fakulteti

Inžener-mehanika fakultetinde 7 sany kafedra hereket edýär. Olar:

  1. Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika.
  2. Tehnologik maşynlar we enjamlar.
  3. Metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy.
  4. Önümçiligi awtomatlaşdyrmak.
  5. Elektrotehnika 
  6. Fizika 
  7. Amaly mehanika 

Hünärmen taýýarlaýan kafedralar:


1. “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasyna degişli hünärler

  • Elektrik üpjünçiligi.
  • Senagat desgalaryň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy.

Hünäriň wezipeleri
Hünärmen gurluşyk, nebit-gaz we senagat kärhanalaryň, oba hojalyk önümçiliginiň, şäherleriň elektroenergetiki gulluklarynda, elektroenergetiki ulgamlaryň ähli kärhanalarynda we onuň bölümlerinde ylmy-barlag, konstruktorçylyk, taslama gözleg guramalarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde işlemek üçin taýýarlanylýar hem-de alnyp barylýar.


2. “Tehnologik maşynlar we enjamlar” kafedrasyna degişli hünär

  • Göteriji-äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary.

Hünäriň wezipeleri
Hünärmen gurluşyk we ýol gurluşyk ulgamyny mehanizmleşdirmek, awtomatlaşdyrmak işlerinde önümçilik-tehnologiki, guramaçylyk-dolandyryş, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek hem-de gurluşyk we ýol gurluşyk tehnikasynyň bejerilişini guramak, tehnologiýasyny işläp düzmek üçin taýýarlanylýar.


3. “Metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy” kafedrasyna degişli hünär

  • Metallary basyş bilen işläp taýýarlamak.

Hünäriň wezipeleri
Hünärmen metallurgiýa önümçiliginde ýarym taýyn we sortament önümçiligini mehanizmleşdirmek we awtomatlaşdyrmak işlerinde önümçilik-tehnologiki, guramaçylyk-dolandyryş we ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek hem-de metallary basyş bilen işläp taýýarlaýan tehnikanyň abatlanyşyny guramak we tehnologiýasyny işläp düzmek üçin taýýarlanylýar.


4.“Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasyna degişli hünär

  • Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy.

Hünäriň wezipeleri
Hünärmen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlary, maglumat gorlary we torlary sferalarynda önümçilik-tehnologiki, guramaçylyk-dolandyryş, taslama we ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin taýýarlanylýar.


Takyk ylymlary öwredýän kafedralar:
5. “Elektrotehnika” kafedrasy
Elektrotehnika kafedrasynda degişli dersler boýunça okuw sapaklary alnyp barylýar. Umumy, amaly, tejribe okuw sapaklarynda hemişelik we üýtgeýän toguň elektrik zynjyrlaryna degişli kanunlar, formulalar, hasaplamalar, ölçeýji abzallar, elektrik enjamlarynyň nirede ulanylýandygy öwredilýär we düşündirilýär.
6. “Amaly mehanika” kafedrasy
Amaly mehanika kafedrasynda umumy, amaly, tejribe okuwlar alnyp barylýar. Statikanyň esasy düşünjeleri we aksiomalary, ýygnanýan güýçler ulgamy, güýjüň momenti, jübüt güýçler nazaryýeti öwrenilýär.
7. “Fizika” kafedrasy
Umumy, amaly, tejribe okuw sapaklaryndan mysal meseleler işlenip tejribe otaglaryndaky geçilýän tejribe enjamlarynyň kömegi bilen  işler teoriýa we tejribeler esasynda talyplara ýetirilýär. Her bir geçirilýän tejribe işleriň ýerine ýetirilişi fiziki enjamlaryň kömegi bilen elektrik zynjyrlary gurnalyp, çyzgy esasynda görkezip düşündirilýär. Fiziki kanunlaryň ýüze çykyşy daş töwerekdäki bolup geçýän fiziki hadysalar esasynda kanunlaşdyrylyp, matematiki hasaplamalar alynýar. 
Inžener-mehanika fakultetinde häzirki wagtda jemi 60 mugallym zähmet çekýär: Şolardan:

  1. Dosent - 6 sany.
  2. Uly mugallym - 22 sany.
  3. Mugallym - 17 sany.
  4. Mugallym-öwreniji -15 sany