Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyrylyş fakulteti, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň üpjün edilmegine, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan, ilatyň intellektual we durmuş şertlerini ygtybarly dünýä standartlarynyň derejelerine ýetirýän bazar ykdysadyýetiň özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmagy dowam etdirmekligi başarýan hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamakdan ybarat bolup durýar.
Fakultet talyplary ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän ýokary hünärli inženerleri taýýarlamak maksady bilen döredildi.
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň ýolbaçylyk düzümide: dekan, dekanyň okuw işleri boýunça orunbasary, dekanyň ylmy işler boýunça orunbasary we dekanyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary ýolbaşçylyk edýarler. Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetinde jemi 62 sany professor-mugallymlar bolup, olardan: 1 sany professor, 1 sany dosent, 3 sany ykdysady ylymlaryň kandidaty, 1 sany tekniki ylymlaryň kanditaty, 21 sany uly mugallym, 25 sany mugallym, 14 sany mugallym-öwreniji zähmet çekýärler.
Fakultetde 4 sany kafedralar hereket edýar. Bu kafedralar:
Bu fakultetde aşakdaky hünärler boýunça bilim alýarlar:
Şeýle hem fakultetde bakalawr maksatnamasy esasynda şu aşakdaky ugurlar boýunça bilim berilýar:
Fakultetde talyplar nazary bilimler bilen birlikde, önümçilik tejribesini hem geçýärler. Okuw meýilnamalary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda düzülip, gurluşyk we senagat pudagynda zerur bolan bilimleri we başarnyklary öz içine alýar. Bu bolsa talyplaryň geljekde öz ugurlary boýunça ýokary bilimli inžener-logist, inžener-gurluşykçy-ekspert we inžener-ykdysatçylar bolup ýetişmegine mümkinçilik berýär.