«Taryhy ýadygärlikler — medeni gymmatlygymyz» atly okuw seminary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň we “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň gurnamagynda “Taryhy ýadygärlikler – medeni gymmatlygymyz” atly okuw seminary geçirildi. 


TDBGI


Bu okuw seminarynda çykyş eden mugallymlar meýletinçi talyplara Türkmenistan watanymyzda ýerleşýän taryhy ýadygärliklerimiz barada giňişleýin çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň çäkleri gadymy siwilizasiýalaryň dörän, ösen we biri-biri bilen utgaşan ojagydygy; Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän bu mukaddes toprakda müňýyllyklaryň taryhy siňen ençeme ýadygärlikleriň ýerleşýändigi; olaryň köpüsi diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem bütin adamzat gymmatlygy hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi beýan edildi. Olardan Gadymy Merw, Köneürgenç, Dehistan, Nusaý ýaly ýadygärliklerimiziň taryhy mazmuny bilen tanyşdyryldy.


TDBGI


Okuw seminarynda çykyş eden mugallymlar we meýletinçi talyplar taryhy ýadygärliklerimizi ylmy taýdan öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmeniň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Kümüş Allabaýewa
Meýletinçiler merkeziniň başlygy