NAZARYÝETDEN AMALYÝETE: ÝAŞLAR GURLUŞYK MEÝDANÇASYNDA

2026-nji ýylyň 9-njy martynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň “Ç” toparynyň 4-nji ýyl talyplary üçin gyzykly we täsirli göçme okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasynyň tejribeli mugallymlary Ý. Hojadurdyýewa, M. Nuryýewiň ýolbaşçylygynda “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda geçirildi. 


TDBGI


Kärhananyň hünärmenleri talyplara gurluşyk meýdançasynda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleri, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olara garşy çäre görmek barada jikme-jik düşündiriş işlerini geçirdiler. Soňra talyp ýaşlar kärhananyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli ýerlerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdylar.


TDBGI


“Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan guralan bu sapak diňe bir gurluşyk prosesleriniň tehniki taraplaryny düşündirmek bilen çäklenmän, eýsem, talyplaryň çözgüt gözleg ukybyny, toparlaýyn işleşmek başarnygyny hem ösdürmäge gönükdirildi. Şeýle göçme okuw sapaklary ýaş gurluşykçylaryň tejribe toplamagyna, hünär taýdan pugtalanyp, geljekki zähmet ýoluna ynam bilen başlamagyna giň mümkinçilik döredýär.