
TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY
2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek; ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy; himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärlerine çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk, 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek; ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy; himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärlerine okuwa kabul etmegiň şertleri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetine okuwa kabul etmegiň Tertibine laýyklykda amala aşyrylýar. Bu Tertip bilen tanyşmak üçin dalaşgärler Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kabul ediş toparyna ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça harby wekilliklerine ýüzlenip bilerler.
Resmi iş kagyzlary (tölegli esasda okadyljak hünärlere we taýýarlygyň ugurlaryna resminamalary tabşyrýanlar üçin) welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Baba Annanow köçesi, 136, tel.: 28-18-19, 28-18-29.
TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK - GURLUŞYK INSTITUTY
2025/2026-njy okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (senagat pudagynda)» ugruna talyplyga kabul edýär:
Instituta magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň ugruna ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýarlary giriş synagynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synagy we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat ş.) 2025-nji ýylyň 8-9-njy awgusty aralygynda geçirilýär.
Giriş synagy maglumat ulgamlary we tehnologiýalary boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda, döwlet dilinde geçirilýär.
Bellenen wagtda giriş synaglaryna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Giriş synagynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., Baba Annanow köçesi, 136, tel.: 28-18-19, 28-18-29.