Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakulteti, kompýuter tehnologiýasy we maglumat ulgamlary pudagynda ýokary hünärli hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamaga gönükdirilendir. Fakultet talyplary kompýuter tehnologiýasy ugrundan ýokary hünärli inženerleri taýýarlamak maksady bilen döredildi.
Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň ýolbaçylyk düzümide: dekan, dekanyň okuw işleri boýunça orunbasary, dekanyň ylmy işler boýunça orunbasary we dekanyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary ýolbaşçylyk edýarler. Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetinde jemi 58 sany professor-mugallymlar, olardan 19 sany uly mugallym, 12 sany mugallym, 27 sany mugallym-öwreniji zähmet çekýärler. Fakultetde 3 sany kafedralar hereket edýar. Bu kafedralar: “Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary”, “Mikroelektronika we ölçeg tehnikasy”, “Informatika we maglumat tehnologiýalary”.
Fakultetde 3 sany kafedralar hereket edýar. Bu kafedralar:
Bu fakultetde talyplar aşakdaky hünärler boýunça bilim alýarlar:
Şeýle hem fakultetde bakalawr maksatnamasy şu aşakdaky ugur boýunça bilim berilýar:
Fakultetde talyplar nazary bilimler bilen birlikde, önümçilik tejribesini hem geçýärler. Okuw meýilnamalary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda düzülip, kompýuter tehnologiýasy pudagynda zerur bolan bilimleri we başarnyklary öz içine alýar. Bu bolsa talyplaryň geljekde öz ugurlary boýunça ýokary bilimli tehnologlar we inžener - mehanikler bolup ýetişdirmegine mümkinçilik berýär.