Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny döretmek hakynda” 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda çykaran Permanyna laýyklykda esaslandyrylan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) ýurduň öňdebaryjy inženerçilik ýokary okuw we ylmy merkezleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda institut 32 hünärden, şeýle hem taýýarlyk ugrunyň bakalawr maksatnamasynyň 13 sany ugry boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş kärhanalary bolan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar we goýberýär.
Täze döredilen institut tarapyndan hünärmenleriň ilkinji goýberilişi 2017-nji ýylda amala aşyryldy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uçurymlary Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýärler, özlerini döredijilikli zehinli şahsyýetler we gowy guramaçylar hökmünde görkezýärler, taslama guramalarynda, dolandyryş edaralarynda (şäherleriň, welaýatlaryň, etraplaryň baş arhitektorlary), ylmy we ylmy-taslama institutlarynda, şeýle hem ýokary okuw we orta hünär mekdeplerinde, mugallymçylyk işlerinde özlerini gowy görkezmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň döwlet kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetlerinde jogapkär wezipeleri ýerine ýetirýärler.
Institutymyzyň uçurymlarynyň işi senagat we raýat binalaryny we desgalaryny gurmak, binalary we desgalary gurmak üçin innowasion tehnologiýalary işläp düzmek, täze gurluşyk desgalaryny we materiallaryny döretmek, inženerçilik dolandyryş hyzmatlaryny ösdürmek, gurluşygy meýilleşdirmek we gurnamak, taslama-çenlik resminamalaryny işläp düzmek we kollektiwi dolandyrmaklyga ugrukdyrylandyr.