Himiýa tehnologiýasy fakulteti

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakulteti, himiýa we gurluşyk materiallary pudagynda ýokary hünärli hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamaga gönükdirilendir. Fakultet talyplary himiýa tehnologiýasy ugrundan ýokary hünärli inženerleri taýýarlamak maksady bilen döredildi. 
Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň ýolbaçylyk düzümide: dekan, dekanyň okuw işleri boýunça orunbasary, dekanyň ylmy işler boýunça orunbasary we dekanyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary  ýolbaşçylyk edýarler. Himiýa tehnologiýasy fakultetinde jemi 71 sany professor-mugallymlar, olardan 2 sany dosent, tehniki ylymlaryñ konditaty; 1 sany tehniki ylymlaryň kanditaty, 27 sany uly mugallym, 27 sany mugallym, 14 sany mugallym-öwreniji zähmet çekýärler.

Fakultetde 5 sany kafedralar hereket edýar. Bu kafedralar:

  • “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy”
  • “Umumy himiýa”
  • “Senagat ekologiýasy”
  • “Diller”
  • “Bedenterbiýe”

Bu fakultetde talyplar aşakdaky hünärler boýunça bilim alýarlar:

  • Organiki däl maddalalaryň himiki tehnologiýasy. Bu ugurda talyplar organiki däl maddalaryň öndürilişi we ulanylyşy boýunça bilim alýarlar. 
  • Eremesi kyn metal däl we silikat materiallarynyň himiki tehnologiýasy: Bu hünär silikat materiallarynyň, keramika önümleriniň we beýleki eremesi kyn materiallaryň tehnologiýasy bilen baglanyşyklydyr.
  • Himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary: Bu ugurda talyplar himiýa senagatynda we gurluşyk materiallary önümçiliginde ulanylýan enjamlar we apparatlar boýunça bilim alýarlar.
  • Aýnanyň we stallaryň himiki tehnologiýasy: Bu hünär aýna we sitallaryň öndürilişi we olaryň himiki aýratynlyklary boýunça bilim berýär.
  • Metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak (senagat pudagynda): Hünärmen halk hojalygynyň gurluşyk pudagynda we beýleki ugurlarda gurama-usulyýet, gözegçilik-standart, analitiki-barlag, metrologik, gurama dolandyryş işlerini ýokary okuw mekdebinde alan hünärine laýyklykda amala aşyrmak üçin taýýarlanylýar.

Şeýle hem fakultetde bakalawr maksatnamasy şu aşakdaky ugur boýunça bilim berilýar: 

  • Himiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda)

Bu ugurda talyplar himiýa senagatynyň dürli ugurlary boýunça bilim alýarlar. Himiýa tehnologiýasy fakulteti Türkmenistanyň himiýa we gurluşyk materiallar senagatynyň gülläp ösmegine goşant goşjak hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmekde möhüm orna eýe bolup durýar. 
Fakultetde talyplar nazary bilimler bilen birlikde, önümçilik tejribesini hem geçýärler. Okuw meýilnamalary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda düzülip, himiýa tehnologiýasy pudagynda zerur bolan bilimleri we başarnyklary öz içine alýar. Bu bolsa talyplaryň geljekde öz ugurlary boýunça ýokary bilimli tehnologlar we inžener - mehanikler bolup ýetişdirmegine mümkinçilik berýär.