Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamy täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, adamzat nesilleriniň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.
Ýurdumyzda ýaş nesli dogruçyllyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde kitabyň we kitaphanalaryň orny diýseň ulydyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplary gezelençde boldylar.
Kitaphanada talyp ýaşlaryň ylym-bilim almak mümkinçilikleriniň ýokarlandyrmagyna, döwletimiziň halkara giňişliginde kitaphana işi babatdaky maksatlarynyň ösdürilmegine giň mümkinçilikler açylan.
Gezelenjiň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary we mugallymlary kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.
