Olimpiadalar we ders bäsleşikleri

“Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasy geçirilýär

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasy geçirilýär. Ähli ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny bu olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Bu halkara olimpiadasy, dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylym we bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, zehinli ýaşlary kesgitlemäge, teoretiki bilimlerini we amaly başarnyklaryny ýokarlandyrmaga we tejribe alyşmaga goşant goşar.

“Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasynyň resmi dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir. Olimpiada islendik ýokary okuw mekdebiniň, islendik hünäriň we okuw ýylynyň talyplary gatnaşyp bilerler.

“Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasyna gatnaşmak isleýän talyplar barada maglumatlary hasaba almak 2025-nji ýylyň 15-nji martyna çenli institutyň web sahypasynda (https://tdbgi.edu.tm/tm/items/10) geçirilýär.

Habarlaşmak üçin: (+99312) 28-18-05, +99365814482

E-poçta: tdbgiob@gmail.com

Açyk halkara Internet olimpiadasyny guramak we geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA

Ýumuşlar

Netijeler