Binagärlik-gurluşyk fakulteti ýurdumyzyň binagärlik we gurluşyk pudagy üçin gerekli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär. Fakultetde okuw-terbiýeçilik we ylmy-usuly işler dört kafedra tarapyndan alnyp barylýar:
Bu kafedralarda bilim alýan talyplar binagärlik sungaty, gurluşyk inženerçiligi we tehnologiýasy hem-de infrastruktura taslamalaryny taýýarlamak bilen baglanyşykly nazary hem-de amaly bilimleri özleşdirýärler.
Fakultetde geljekki binagärlere we inžener-gurluşykçylara ýokary derejeli bilim berlip, olara sanly tehnologiýalar arkaly döwrebap taslamalary döretmek, gurluşyk proseslerini dolandyrmak, binalaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmek, ekologik taýdan arassa we energiýa tygşytlaýjy gurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak ýaly ugurlar boýunça giňişleýin tejribe gazanmak mümkinçiligi döredilýär. Şeýle hem talyplar şähergurluşyk meýilleşdiriş işleri, şäher infrastrukturasy bilen baglanyşykly taslamalar, suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi ulgamlaryny taslamak boýunça ýörite bilim alýarlar.
Okuw tejribeleri we taslama işleri fakultetiň tejribe otaglarynda, ussahanalarynda, Gurluşyk-önümçilik merkezinde hem-de hyzmatdaş kärhanalarda geçirilýär. Fakultet ýerli gurluşyk we binagärlik edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, talyplara amaly başarnyklaryny ösdürmek üçin mümkinçilikleri hödürleýär. Şeýle hem okuw maksatnamalary täze ylmy gözlegleriň we tehnologiýalaryň esasynda kämilleşdirilip, halkara standartlara laýyklykda okatmak ugrunda işler alnyp barylýar.
Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň uçurymlary gurluşyk we binagärlik kärhanalarynda, ylmy-barlag institutlarynda, senagat kärhanalarynda hem-de döwlet edaralarynda zähmet çekýärler. Olar dürli maksatly senagat we raýat jaýlaryny taslamak, gurluşyk hasaplamalaryny ýerine ýetirmek, suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi ulgamlaryny gurnamak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler.
Fakultet binagärlik we gurluşyk ulgamynda innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berip, sanly taslama tehnologiýalaryny we döwrebap inženerçilik çemeleşmelerini iş tejribesine ornaşdyrýan bilim ojagy bolup durýar. Bu bolsa, uçurymlaryň diňe bir ýerli däl, eýsem, halkara derejesinde hem isleg bildirilýän hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.
“BINAGÄRLIK” KAFEDRASY
“Binagärlik” hünäri:
“Binagärlik” hünäri binagärlik sungatynyň hem-de gurluşyk inženerçiliginiň esaslaryndan ugur alyp, milli, döwrebap we estetiki taýdan kämil binalary taslamak bilen baglanyşyklydyr. Bu hünär boýunça okaýan talyplar binagärlik teoriýalary, gurluşyk materiallary, taslama usullary, şähergurluşyk standartlary we sanly taslama tehnologiýalary bilen tanyşýarlar. Okuw maksatnamasy binalaryň estetiki hem-de funksional talaplara laýyk gelmegini üpjün etmek üçin taslamalary döretmek, çyzuw we 3D modelirleme boýunça çuňňur taýýarlygy hödürleýär.
Talyplar binagärlik çyzgylaryny döretmek, 3D modellere esaslanyp, taslamalary taýýarlamak we gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek ýaly başarnyklary özleşdirýärler. Mundan başga-da, olar şäher düzüminiň sazlaşygyny üpjün etmek üçin binagärligiň taryhyny we häzirki zaman çemeleşmelerini öwrenýärler.
“Şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek” hünäri
Bu hünär şäherleriň we ilatly ýerleriň durmuş-ykdysady ösüşini, olaryň binagärlik taýdan sazlaşygyny üpjün etmek üçin meýilleşdiriş we dolandyryş işlerine gönükdirilendir. Talyplar şäher meýilleşdirişiniň esaslaryny, ýer bölekleriniň funksional paýlanyşyny, inženerçilik desgalarynyň ýerleşişini we ekologiýa taýdan arassa şäher konsepsiýalaryny öwrenýärler.
Şähergurluşyk meýilnamalarynyň düzülişi, ilatly ýerleriň infrastrukturasynyň dolandyrylyşy we transport ulgamlarynyň integrasiýasy boýunça bilim almak talyplara täze innowasion çözgütleri işläp düzmäge mümkinçilik berýär. Bu hünäriň okuw maksatnamasy şäherleriň geljekki ösüşi bilen baglanyşykly meselelere, şol sanda ilatyň sanynyň artmagy, ekologiýa we energiýa netijeliligi ýaly ugurlara aýratyn üns berýär.
“Binagärlik gurşawynyň dizaýny” hünäri
Bu hünär binagärlik we şäher giňişlikleriniň estetiki we funksional çözgütlerine ünsi jemleýär. Talyplar içki we daşky giňişlikleriň dizaýny, gurluşyk materiallarynyň döredijilikli ulanylmagy, ekologik we innowasion çemeleşmeler bilen işläp taýýarlanylmagy bilen tanyşýarlar.
Okuw maksatnamasy grafiki dizaýn, 3D modelirleme, ýagtylyk we reňk teoriýalary ýaly ugurlary öz içine alýar. Talyplar jemgyýetçilik we hususy giňişlikleriň dizaýnynyň esasy ýörelgelerini, interýer we eksterýer bezeginiň inženerçilik esaslaryny öwrenýärler. Bu hünäriň uçurymlary binagärlik dizaýny, interýer we eksterýer bezegi, şäher giňişlikleriniň dizaýny ýaly işler üçin kämil hünärmenler bolup ýetişýärler.
“SENAGAT WE RAÝAT JAÝ GURLUŞYGY” KAFEDRASY
“Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäri
Bu hünär dürli maksatly senagat we ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik desgalarynyň gurluşyk tehnikasyny we tehnologiýalaryny öwretmäge gönükdirilendir. Talyplar gurluşyk materiallarynyň häsiýetlerini, binagärlik-gurluşyk mehanikasyny, seýsmiki durnuklylyk we gurluşyk taslamalarynyň hasaplamalaryny öwrenýärler.
“Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň okuw meýilnamasynda sanly taslama programmalary, inženerçilik hasaplamalary we gurluşyk işleriniň optimizasiýasy ýaly ugurlar hem bar. Bu hünäri tamamlan talyplar dürli gurluşyk kärhanalarynda taslaýjy, inžener we gurluşyk dolandyryjysy bolup işleýärler.
“Şäher gurluşygy” hünäri
Bu hünär şäherleriň binagärlik we inženerçilik düzümini ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Talyplar şäherleriň infrastrukturasyny meýilleşdirmek, inženerçilik ulgamlaryny taslamak, ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik binalarynyň gurluşygyny dolandyrmak boýunça bilim alýarlar.
Şäher gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary taýýarlamak we ýerine ýetirmek üçin talyplar sanly gurluşyk tehnologiýalary, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallary we şäher düzüminiň sazlaşygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly ýörelgeleri öwrenýärler.
“SUW, GAZ WE ÝYLYLYK ÜPJÜNÇILIGI” KAFEDRASY
“Ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy” hünäri
Bu hünär senagat we ýaşaýyş binalarynyň ýylylyk, gaz we howa çalşygy ulgamlaryny taslamak, gurmak we dolandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Talyplar energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, otaglaryň ýylylyk balansy, howa çalşygy ulgamlarynyň taslamasy, gaz üpjünçiliginiň inženerçilik esaslary boýunça bilim alýarlar.
Okuw maksatnamasy ýaşyl tehnologiýalar we energiýa netijeliligi bilen baglanyşykly ýörite dersleri hem öz içine alýar. Talyplyga kabul edilenler gaz torlarynyň gurnalyşy, ýylylyk ulgamlarynyň dolandyrylyşy we energiýa tygşytlaýjy taslamalar bilen baglanyşykly nazary hem-de amaly bilim alýarlar.
“Suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak” hünäri
Bu hünär suw üpjünçiligi ulgamlarynyň taslamasy, gurluşygy hem-de dolandyrylyşy bilen baglanyşyklydyr. Talyplyga kabul edilenler suw desgalarynyň inženerçilik esaslaryny, agyz suw we lagym ulgamlarynyň gurnalyşyny, ekologiýa taýdan arassa suw serişdeleriniň ulanylyşyny öwrenýärler.
“Suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak” hünäriniň okuw meýilnamasynda suw çeşmelerini goramak, howanyň we topragyň hapalanmagynyň öňüni almak we suw arassalaýjy desgalaryň döwrebap tehnologiýalary boýunça sapaklar hem bar. Bu hünäri tamamlanlar suw desgalarynyň taslama inženeri, suw üpjünçilik ulgamynyň hünärmeni ýaly wezipelerde işlemäge mümkinçilik alýarlar.
“ÇYZUW WE MATERIALLARYŇ GARŞYLYGY” KAFEDRASY
“Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasy talyplara inžener grafikasy we gurluşyk konstruktiw mekhanikasy boýunça esaslary öwretmekde möhüm orun eýeleýär. Kafedranyň professor-mugallymlary “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy”, “Materiallaryň garşylygy”, “Gurluşyk mehanikasy” ýaly dersler boýunça bilim berýärler. Bu dersleriň çäginde talyplar taslama işlerini ýerine ýetirmek, gurluşyk materiallarynyň berkligini we durnuklylygyny seljermek, binalaryň we inžener desgalarynyň konstruktiw hasaplamalaryny geçirmek bilen baglanyşykly bilimleri özleşdirýärler.
Okuw işlerinden başga-da, kafedrada ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Professor-mugallymlar gurluşyk konstruksiýalarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, has takyk taslama usullaryny işläp taýýarlamak we inžener tejribesine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça gözlegler geçirýärler. Kafedra institutyň beýleki kafedralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, geljekki binagärleriň we inžener-gurluşykçylaryň döwrebap bilim almagyny üpjün edýär.