
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Yslam Saryjaýew Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen halkara derejeli çärä – Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) tarapyndan guralan UNODC-niň Ýaşlar forumyna gatnaşdy we foruma işjeň gatnaşandygy üçin degişli şahadatnama bilen sylaglanyldy.


2026-njy ýylyň 9-11-nji marty aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen bu forum BGM-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan guralyp, ol Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 69-njy mejlisiniň çäklerinde geçirildi. Forum dünýäniň 21 döwletinden 26 ýaş wekili bir ýere jemledi. Tas on bäş ýyl bäri yzygiderli geçirilip gelinýän bu halkara çäre ýaşlaryň arasynda ylmy taýdan esaslandyrylan öňüni alyş çäreleri barada bilimleri artdyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň pikir alyşmagyna giň mümkinçilik döretdi.


Forumda üç günüň dowamynda dürli interaktiw sessiýalar geçirildi. Oňa gatnaşyjy ýaşlar neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak boýunça ylmy esasly öňüni alyş çäreleri barada giňişleýin maglumat aldylar, ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky çykyşlara gatnaşdylar hem-de öz ýurtlarynyň tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle hem forumyň netijesinde gatnaşyjy ýaşlar tarapyndan bilelikdäki Ýaşlar ýüzlenmesi taýýarlanylyp, ol Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň plenar mejlisine hödürlenildi.

Ýüzlenmede serişdeleriň ulanylmagynyň diňe bir saglyk meselesi bolman, eýsem maşgalalaryň durnuklylygyna howp salýandygy we ýaşlaryň geljek mümkinçiliklerine ýaramaz täsir ýetirýändigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem ýaşlyk döwrüniň beýniniň ösüşi üçin iň möhüm döwürleriň biri bolup durýandygy, şol döwürde serişdeler bilen ir ýüzbe-ýüz bolmagyň uzak möhletleýin ýaramaz netijelere getirip biljekdigi nygtaldy. Ýüzlenmede ýaşlaryň arasynda öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, habarlylygy ýokarlandyrmak, deň-duşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýaşlaryň sesiniň karar kabul ediş işlerine işjeň gatnaşmagynyň möhümdigi bellenildi.

Forumyň guramaçylary ýaşlaryň işjeňligine we hyzmatdaşlyk ruhuna ýokary baha berip, ýaşlaryň pikirleriniň netijeli öňüni alyş strategiýalaryny döretmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellediler. Şeýle halkara çäreler ýaşlaryň jemgyýetde oňyn özgertmeleri amala aşyrmakdaky mümkinçilikleriniň giňdigini görkezýär. Ýaş nesliň halkara giňişliginde ýurdumyzyň adyny belende götermegine, dünýä jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ýaşlaryň halkara derejedäki başlangyçlara gatnaşmagyna we tejribe alyşmagyna açylýan giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!


