2026-njy ýylyň 9-10-njy fewralynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň ylmy-barlaglary we innowasiýalary maliýeleşdirmek boýunça öňdebaryjy maksatnamasy bolan “Gorizont Ýewropa” (Horizon Europe) boýunça maglumat maslahaty geçirildi.
Duşuşyk Ýewropa Komissiýasyniň Global Service Facility (GSF) hyzmatynyň wekili Kseniýa Sawçenkonyň gatnaşmagynda geçirildi. Çykyşda maksatnamanyň 2026–2027 ýyllar üçin iş meýilnamalary, meýilleşdirilýän çäreleri hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi.
Çärä gatnaşan ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň, maksatnamanyň gurluşy, ylmy taslamalar üçin maliýe mümkinçilikleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň alymlary we öňdebaryjylary üçin göz öňünde tutulýan şertler baradaky giňişleýin düşünjeler berildi.
Bellenilişi ýaly, “Gorizont Ýewropa” maksatnamasy Ýewropa Bileleşiginiň ylmy-barlag we innowasiýa syýasatynyň möhüm guraly hökmünde klimat üýtgemeleri, durnukly ösüş, energetika, saglygy goraýyş ýaly ugurlarda ählumumy wezipeleri çözmäge, şeýle-de ykdysady bäsdeşlige ukyplylygy güýçlendirmäge gönükdirilendir. Bu ugurlarda maksatnama ylmy-barlaglary we innowasiýalary goldamak üçin maýa goýumlaryny göz öňünde tutýar hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat edýär.
Maksatnamanyň gurluşynda “Ählumumy wezipeler we Ýewropanyň senagat bäsdeşlige ukyplylygy” ugrunyň çäginde 6 klaster aýratyn möhüm orun eýeleýär: Saglyk; Medeniýet, döredijilik we inklýuziw jemgyýet; Jemgyýet üçin raýat howpsuzlygy; Sanly tehnologiýalar, senagat we kosmos; Klimat, energetika we hereketlilik; Azyk, bioykdysadyýet, tebigy serişdeler, oba hojalygy we daşky gurşaw.
Maslahatyň ahyrynda mazmunly pikir alyşmalar alnyp barylyp, gatnaşyjylary gyzyklandyran soraglara degişli jogaplar berildi.
Ýolly Myradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
“Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň müdiri,
tehniki ylymlaryň kandidaty