Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35-ýyllyk şanly toýunyň bellenjek “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary paýtagtymyzda köp ýaşan enelerimizi gutlamak maksady bilen baýramçylyk çäresini gurnadylar.

Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar enelerimize hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar. Ak saçly mährem enelerimiz özleriniň durmuş tejribesi, ýaşan ömürleriniň giň many-mazmuny dogrusynda täsirli gürrüň berdiler. Mugallymlar hem ýaşlaryň şeýle haýyr-sahawatly çäreleri guramagyň jemgyýetde nesiller arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine uly ýardam berýändigini bellediler.

Mährem enelerimize duşuşykda institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň taýýarlan gül desseleri hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen görelde bolýan käbelerimiz ýaşlara görkezýän hormaty üçin minnetdarlyk bildirip, olara okuwlarynda uly üstünlikler we bagtly durmuşy arzuw etdiler.

Mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin, nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin asuda durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!





Çäre Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan geçirildi