2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 20-sine Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek maksady bilen, iňlis dilinde sanly ulgam arkaly bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşige Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan uly mugallym K. Allabaýewanyň ýolbaşçylygynda meýletinçi talyplar işjeň gatnaşdylar we olardan Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň “Maglumat howpsuzlygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Akmämmedow Daýanç özüniň dil çeperligini, bilimini we daşary ýurt dilinde döredijilikli pikirleniş ukybyny ýokary derejede görkezmek bilen, baýrakly I orun eýelemegi başardy we I derejeli Diplom bilen sylaglandy.
Daýanjy we onuň halypasyny bu ajaýyp ýeňiş bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we olara okuwlarynda we ylmy-barlag işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýäris!