Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ýol gurluşygy fakultetiniň uly mugallymy B. Serdarow “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglandy. 2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda fakultetiň professor-mugallymlarynyň we institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy B. Myratberdiýewiň gatnaşmagynda fakultetde B. Serdarow alan ýokary derejedäki sylagy bilen gutlamak dabarasy geçirildi.

Uly mugallym B. Serdarow köp ýyllaryň dowamynda ýokary derejeli hünärmenleri terbiýeläp, öz baý tejribesini talyplar bilen paýlaşyp gelýär.

Dabarada çykyş edenler B. Serdarowyň hünär ussatlygyny, jogapkärçiligini we mugallymçylyk işine bolan ygrarlylygyny aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de uly mugallymyň alyp barýan ylmy-usuly we okuw-terbiýeçilik işi fakultetiň ösüşinde goşant goşýandygyny nygtadylar.
Dabara gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamyna aýratyn üns berýän we bilim işgärleriniň alyp barýan işlerine ýokary derejede baha berýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan sagbolsunlaryny aýtdylar.