8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda dabaraly baýramçylyk konserdi geçirildi. Bu baýramçylyk çäresine institutda zähmet çekýän zenan mugallymlary, işgärleri hem-de talyp gyzlary hormatlamak maksady bilen Aşgabat şäher Berkararlyk etrap häkimligi bilen gurnaldy.

Konserdiň dowamynda institutyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz toparynyň talyplary tarapyndan taýýarlanan aýdym-saz çykyşlary, tanslar we çeper okaýyşlary ýerine ýetirildi. Sahnada ene-mamalarymyzy, uýalarymyzy wasp etýän täsirli goşgular ýaňlandy. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren çykyşlary uly täsir galdyrydy we baýramçylyk ruhyny has-da ýokarlandyrdy.

Çäräniň dowamynda “Ýaşlyk”, “Aşgabat” teleýaýlymlarda gatnaşyjylar çykyş edip zenanlaryň bilim ulgamyndaky, jemgyýetdäki ähli orunlaryny aýratyn bellediler. Baýramçylyk konserdi şatlyk-şowhun, gül desseleri we alkyş sözleri bilen dowam etdi.
Ýurdumyzda zenan mertebesine aýratyn hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunymyzy aýdýarys, janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.