Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdeplerinde okuwçylaryň ukyplaryny we zehinlerini nazara almak bilen, hünäre ugrukdyrmak meselesine aýratyn üns bermeli diýip beren tabşyrygyny durmuşa geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň mart aýynyň 6-na “Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary” kafedrasynyň mugallymy Tyllagözel Nurmyradowa Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda maglumat tehnologiýalary ugry boýunça “Innowasion tehnologiýalar we olary okuw proseslerinde ulanmaklygyň ähmiýeti” ady bilen gelýän göçme okuw sapagyny geçirdi. Göçme okuw sapagynyň geçirilmeginiň esasy maksady, geljegimiz bolan ýaş nesle dünýä derejesinde döwrebap bilim we terbiýe bermekde hem-de giň möçberli bilimiň ösüşini üstünlikli amala aşyrmakda, ýurduň orta mekdepleriniň işini kämilleşdirmekde, okatmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmakda, olara ýardam bermekden ybaratdyr hem-de ugrukdyrmakdan ybaratdyr. Okuw sapagynyň dowamynda mugallym okuwçylara bu tehnologiýalaryň diňe bir oýun maksatlary üçin peýdalanylman, eýsem ylymda, lukmançylykda we gurluşykda hem nähili uly orun tutýandygyny gyzykly mysallar arkaly düşündirdi.
Bu duşuşyk innowasion tehnologiýalaryň okuw prosesine getirilýän artykmaçlyklaryny açyp görkezdi. VR äýnekleriniň we AR programmalarynyň kömegi bilen okuwçylar çylşyrymly fiziki hadysalary we taryhy pursatlary göz öňünde janlandyrmagy başararlar. Bu bolsa bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny açmaga has hem ýardam berer. Okuwçylar özlerini gyzyklandyran soraglar bilen mugallyma ýüzlenip, sanly dünýäniň täsirli pursatlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň bilim ulgamy täze belentliklere göterilýär. Şeýle göçme sapaklar ýaşlaryň innowasiýalara bolan höwesini oýaryp, ýurdumyzyň ösüşine, sanly ulgam babatynda gazanyljak belent sepgitlerine goşant goşjak giň dünýägaraýyşly ökde hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam eder.