Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy — ýaşlaryň döredijilik ylhamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerini öwrenmek we olaryň many-mazmunyny dünýä dillerinde beýan etmek talyp ýaşlaryň arasynda uly höwes döredýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guralan bu bäsleşik Milli Liderimiziň "Hakyda göwheri" atly kitabyna bagyşlandy.

Bu döredijilik bäsleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Hangeldi Ballyýew üstünlikli çykyş edip, baýrakly III orna mynasyp boldy. Binagärlik ugrunda bilim alýan talybyň iňlis dilindäki ýazuw kämillygi emin agzalary tarapyndan ýokary baha aldy.

Bäsleşigiň ýeňijisi Hangeldi Ballyýew özüniň täsirlerini şeýle beýan edýär:

"Gahryman Arkadagymyzyň 'Hakyda göwheri' atly kitaby biz ýaşlar üçin hakyky durmuş mekdebidir. Bu eserdäki çuňňur pähimleri iňlis dilinde beýan etmek meniň üçin hem jogapkärli, hem-de buýsançly boldy. Bize şeýle döredijilikli bäsleşiklere gatnaşmaga, ylym-bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn."

Biz hem zehinli talybymyzy gazanan üstünligi bilen gutlap, oňa okuwlarynda we döredijilik ýollarynda täze rowaçlyklary arzuw edýäris.


TDBGI