GELJEKKI GURLUŞYKÇYLARYŇ YNAMLY ÄDIMLERI

         2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyplary üçin gyzykly we täsirli göçme okuw sapagy guraldy. Okuw sapagy kafedranyň tejribeli mugallymy M.Nuryýewiň ýolbaşçylygynda “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan, 5 müň talyba niýetlenilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda geçirildi.

Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyplar diňe bir nazary bilimlerini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri bilen özara pikir alyşmak arkaly gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işleri amaly taýdan synladylar. Hünärmenler bu ýerde ýerine ýetirilýän gurluşyk prosesleriniň tapgyrlary, iş düzgünleri we ýokary hilli gurluşyk üçin möhüm bolan tehnologiýalar barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Talyplar ilki bilen, mugallymlar üçin niýetlenilen ýaşaýyş jaýynyň A we B bloklarynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdylar. Bu ýerde olar parapet (germew) armaturalarynyň dokalyşy, içki bölejik diwarlaryň gurluşy, kerpiç örmek we beton guýmak ýaly möhüm işleri synlap, olaryň tehniki aýratynlyklary bilen içgin tanyşdylar.

Şeýle-de, talyplar ýyladyşhana we transformator ýerleşdiriljek 2-nji tehniki binanyň fundament izolýasiýasynyň gurluşy we gurnalyşy bilen tanyşdylar. Olaryň taýýarlyk işleri, materiallarynyň aýratynlyklary we ýerine ýetiriliş tertibi barada giňişleýin maglumat aldylar.

Bu görnüşli göçme okuw sapaklary talyplaryň gurluşyk boýunça alan nazary bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle göçme okuw sapaklary ýaşlaryň pikirlenmek, ýüze çykýan soraglara jogap tapmak  hem-de inženerçilik ukyplaryny kämilleşdirmek ýaly başarnyklaryny ösdürmäge uly itergi berýär.