Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz binagärlik we gurluşyk ulgamynda uly sepgitlere ýetýär.
Ýaşlara berilýän bilimiň binýadyny berkitmekde hem ägirt uly işler alnyp barylýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bu ugurda kämilleşmegi üpjün etmek maksady bilen okuw önümçilik tejribeleri yzygiderli guralýar.
2025-nji ýylyň 14-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik aýratynlyklary bilen talyplary giňişleýin tanyşdyrmak maksady bilen okuw önümçilik tejribesi geçirildi. Aşgabat şäheri Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy. Paýtagtymyzyň dört bir künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara-kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylmagy şäherimiziň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň täze derejä çykmagyna ýardam edýär.
Taryhyň dowamynda Aşgabat eziz Watanymyzyň ykbalyny kesgitlän möhüm senetçilik we söwda ýollarynyň çatrygynda, gözel Köpetdagyň eteginde ýerleşip, gadymdan häzirki döwre çenli täzeçillikleriň we öňdebaryjy pikirleriň giňden ornaşdyrylýan sebitleriniň biri bolupdyr. Bu günki günde hem paýtagtymyz tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, halklaryň we döwletleriň arasyndaky parahatçylyk söýüjilik pikirleriniň gözbaşy hökmünde giňden tanalýar. Aşgabat senagat taýdan ösen şäher bolmak bilen, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat ak mermer bilen örtülen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 25-nji maýy — Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzda dabaraly baýramçylyk çäreleri giňden bellenilýär. Bu günki günde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna Aşgabatdaky:
Dünýäniň iň belent baýdak sütüni,
"Oguzhan" suw çüwdürimler toplumy,
"Älem" medeni-dynç alyş merkezi,
"Türkmenistan" teleradioýaýlymlar merkezi,
ýörite aýna bilen örtülen Oguz hanyň ýyldyzy,
Halkara howa menziliniň ýolagçy terminalyndaky göl şekili,
Olimpiýa stadionynyň münberindäki ahalteke bedewiniň keşbi hem-de Sportuň suw görnüşleri boýunça merkezi girizilendir.
Bu üstünlikler her birimiziň buýsanjymyzy artdyrýar we bütin dünýäde ýurdumyzyň binagärlik hem-de gurluşyk ulgamyndaky belent sepgitleriniň aýdyň subutnamasydyr. Bu okuw önümçilik tejribesi paýtagtymyz Aşgabadyň güni mynasybetli öňüsyrasynda geçirilip, talyplarda uly gyzyklanma döretdi we täze döredijilik işlerine ruhlandyrdy. Talyplar tarapyndan ýerine ýetirilen döredijilik işleri bolsa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň "Binagärlik" kafedrasynda Aşgabadyň güni mynasybetli geçiriljek sergide görkeziler.