Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplary Aýna zawodynda önümçilik tejribeligi

          Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynda häzirki zaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen birlikde, ýokary hünärli inženerleriň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, hususan-da, Ýol gurluşygy fakultetleriniň talyplarynyň önümçilik tejribesini geçmegi olaryň geljekki hünärinde möhüm ädim bolup durýar.
Şeýle tejribeleriň biri hem ýakynda  Türkmenistanyň Aýna we aýna önümleri zawodynyň önümçilik bölümlerinde amala aşyryldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplary bu ýerde özleriniň önümçilik tejribesini geçýärler.
          Zawodyň ýokary tehnologiýaly enjamlaşdyrylyşy bilen tanşan talyplar, ilkinji nobatda, gurluşykda giňden ulanylýan aýna önümleriniň öndüriliş prosesi bilen tanyşdylar. Tejribe döwründe olar çig malyň taýýarlanyşyndan başlap, taýýar önümleriň standartlara laýyklykda barlagdan geçirilýänçäki ähli tapgyrlarda iş ýüzünde gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar.
Talyplar zawodyň dürli bölümlerinde, şol sanda gurnama, gyzgyn işläp taýýarlamak, kesmek, buglamak we gaplamak ýaly bölümleri gördüler. Şeýle-de, olar önümçilikde howpsuzlyk kadalaryna doly laýyklykda iş alyp barmagyň, iş tertibiniň we tehniki gözegçiligiň ähmiýeti bilen tanyşdylar.
          Şeýle önümçilik tejribeleri talyplaryň alan nazary bilimleriniň iş ýüzünde berkleşdirilmegine, täze tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşmagyna we geljekde gurluşyk pudagynda has üstünlikli inžener bolmagyna uly mümkinçilik döredýär.
          Aýna zawody bilen institutyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary diňe bir önümçilik tejribesi bilen çäklenmän, eýsem, geljekde ylmy taslamalaryň, tejribe sapaklarynyň we bilelikdäki okuw maslahatlarynyň geçirilmegine hem mümkinçilik döredýär.
Bu başlangyç Türkmenistanyň bilim we senagat syýasatynyň üstünlikli utgaşdyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.